Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň 15-20-nji aprel üçin gün tertibi

  • 16.04.2019 10:03
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar.

Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.

Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylan gününiň 20-ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birnäçesi geçiriler. Halkara maslahatlaryna we dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen bir hatarda köpsanly ýokary derejeli myhmanlar gelerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar.

ÝHHG-niň Merkeziniň esaslandyrylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan çäräleriň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçiriler.

Şeýle-de şu hepde ÝHHG-niň Merkezi Aziýa missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy we «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça» ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahaty geçiriler.

Şu hepdäniň ýene-de bir möhüm wakasy hem Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň Türkmenistana sapary bolar. Saparyň çäklerinde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçiriler. Bu duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

düýn 18:54
3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.9k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......