Döwlet haryt-çig mal biržasyndan habarlar

  • 16.04.2019 10:00
  • 1.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni benzini satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamide isleg bildirdiler.

Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýna, portlandsement we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 80 million 760 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 4 million 500 müň manatlyga golaý halylary, nah we garyşyk matany, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 680 müň manatlykdan gowrak kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.

düýn 18:54
3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.9k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......