Türkmenistan şweýsar kompaniýasy bilen sanly ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

  • 29.03.2019 11:35
  • 1.1k+

25-nji martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde harytlaryň belgilenilmegi üçin enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek hem-de programma üpjünçiligi boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “SICPA” şweýsar kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi, diýip TSTB-niň saýty habar berýär.

“SICPA” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň we baş direktorynyň ýörite maslahatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti TSTB-ň başlygy, müdiriýetiň agzalary we birnäçe bölümleriň, şeýle hem, Türkmen logistika assosiasiýasynyň ýolbaşçylary garşy aldylar.

Myhmanlar TSTB-niň köpugurly işleri, onuň agzalary tarapyndan durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy. Olara türkmen hususy işewürliginiň kärhanalarynyň işine halkara standartlarynyň girizilýändigi hem-de harytlary we hyzmatlary awtomatlaşdyrylan usulda kesgitlemek boýunça tehnologiýalaryň ulanyşa girizilýändigi hakynda habar berildi.

“SICPA” kompaniýasynyň wekilleri harytlaryň belgilenilmeginiň, kesgitlenilmeginiň we yzarlanylmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyşa girizmekde we çözgütleri işläp taýýarlamakda kompaniýanyň gazanan üstünlikleri we işleriň gönükdirilen ugurlary hakynda gürrüň bermek bilen hyzmatdaşlyk hakynda özleriniň tekliplerini berdiler.

şu gün 10:59
720

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 10:55
231

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

şu gün 08:39
405

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

şu gün 08:03
1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....