Islendik hereket saglyk üçin peýdalydyr (Sagdynlygyň «30+5» ýörelgesi)

  • 20.02.2023 12:37
  • 15k+

Hereketsizlik köp keselleriň döremegine ýa-da möwjemegine sebäp bolup bilýär. «Gezmek — ömürden, ýatmak — ölümden» diýlişi ýaly gezim-gezelenç etmegiň, aýlanmagyň, görmegiň ruhy we beden sagdynlygyna uly täsiri bar. Günüň agramly bölegini edara-ofislerde oturyp işleýän işgärler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeseler, soňlugy bilen bu gan basyşy, süýjikesel ýaly dertleriň döremegine ýol açyp biler. Amerikaly bilermenleriň soňky barlaglaryna görä, her 30 minutlyk oturymly işden soňra bäş minut aýak üstünde gezmelemek özüňizi duýşuňyzy gowulandyrar. Üstesine, saglygyňyz üçinem örän peýdalydyr. Muňa «30+5» kadasy diýibem at berýärler.

Uzak wagtlap oturmak dürli kesellere sebäp bolup bilýär, ýöne käbir iş şertlerinde başga çykalga galmaýar. «Focus» (Germaniýa) žurnalynyň ýazmagyna görä, oturymly iş bilen meşgullanýan hünärmenler «30+5» kadasyny yzygiderli berjaý etseler, mundan döräp biljek birnäçe sökelliklerden halas bolup bilerler. Sekiz sagatlyk iş gününiň ählisini oturyp geçirmek dagy asla maslahat berilmeýär. Her otuz minutdan bäş minut gezmelemek, ýöremek işiň önjeýliligini hem artdyrýar. Ýa-da günortanlyk arakesmesinde 20 minutlap assa-ýuwaş ylgamak hem munuň bir çäresi bolup biler. ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky soňky barlaglaryna görä hem her 30 minutdan ýeriňden galmak, soňra 5 minutlap gezmelemek maslahat berilýär. Barlaga gatnaşanlaryň ählisi şeýle düzgüniň garaşylýan netijäni berýändigini nygtapdyrlar.
Öýde ýa-da ofisde bolsun, uzak wagtlap oturýan adamlar saglyklaryna howp salmazlyk üçin günde 30 minutdan gowrak maşk etmeli. Awstraliýanyň Sidneý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglara görä, günde 6 sagatlap ýerinden galman işleýänler, şonça wagt oturyp işläp, bir sagatlap maşk edýänlere garanyňda ýürek-damar kesellerine has köp ýolukýarlar.
Uzak wagtlyk oturymly iş diňe ýürek-damar kesellerine däl, eýsem semizlik, süýji kesel ýaly birnäçe dertlere, hatda depressiýa hem eltip bilýär. Geçirilen barlaglar günde 20-40 minut maşk etmegiň, pyýada ýöremegiň ýa-da basgançaklara münüp-düşmegiň hem saglyga iňňän peýdalydygyny görkezdi.
«Journal of the American College» žurnalynyň 2019-njy ýyldaky sanynda ýürek-damar kesellerini öwrenmäge bagyşlanan dokuz ýyllyk barlagyň netijesi berilýär. 45 ýaşdan ýokarda bolan 150 müň adamda alnyp barlan gözegçilige görä uzak wagtlap oturyp işleýänler wagtly-wagtynda hereket bilen özlerini tijäp durmalydyrlar. Bu barlagy alyp baran professor Emmanuel Stamatakis «Islendik hereket saglyk üçin peýdalydyr» diýip belleýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.4k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......