Taryhy teleserial “Korkyt ata” surata düşürilip başlandy. Bu barada Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.media belleýär.
23-nji oktýabrda teleserialyň surata düşürilýän meýdançasyna Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministri Darhan Kydyrali baryp gördi.
Taryhy eser “Gazagystan” telekorporasiýasy we Özbegistanyň “Kinematografiýa agentligi” tarapyndan bilelikde surata düşüriler. Serial dört bölümden ybarat bolar.
Darhan Kydyrali surata düşüriji topara Altaý sebitinde Türk akademiýasynyň gözlegçileri tarapyndan tapylan V-VI asyrlaryň kobyzyny ulanmagy teklip etdi.
Korkyt ata – türki halklaryň X asyrda ýaşap geçen şygyrçy-şahyry we kompozitory. Kobyzy dörediji, bagşy, gürrüňçi, şahyrlaryň we sazandalaryň howandary.
Kobyz, şeýle-de kyl-kobyz, nar-kobyz – Gazagystanyň tarly, kemençe bilen çalynýan milli aýdym-saz guraly.