Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) reýtinginde üçünji orny eýeleýär. Bu barada promouşeniň saýtynda habar berilýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.
22-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabide geçirilen turnirde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy. Mundan öň ol UFC-niň birleşdirilen reýtinginde ýokdy.
Umumy reýtingiň lideri ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony bolan Awstraliýanyň wekili Aleksandr Wolkanowskidir.
Russiýaly Pýotr Ýan has ýeňil agram reýtinginde birinji orundan ikinji orna düşdi. Lider bolsa ony Abu-Dabide geçirilen turnirde ýeňip, 10 setir ýokary galan amerikaly Şon O’Melli boldy.