Şwesiýanyň parlamenti sagçy Aram koalision partiýasynyň lideri Ulf Kristerssony premýer-ministr edip belledi diýip, AP habar berýär.
Oňa 176 deputat ses berdi, 173 deputat bolsa garşy çykdy. Kristersson 18-nji oktýabrda hökümetiň täze düzümi bilen tanyşdyrar diýip garaşylýar.
Şwesiýada parlament saýlawlary 11-nji sentýabrda geçdi, onda sesleriň aglaba bölegini düzümine Aram koalision partiýa girýän sagçy partiýalaryň bileleşigi aldy. Sagçylar 176 mandat aldylar, öňki premýer-ministr Magdalen Anderssonyň ýolbaşçylygyndaky çepçileriň bileleşigi bolsa 173 mandat aldy.