Abdel Latif Raşid Yragyň prezidenti wezipesine saýlandy

  • 14.10.2022 08:59
  • 7.3k+

Yragyň Wekiller geňeşi (parlament) Abdel Latif Raşidi ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Bu barada Yragyň “Rudau” teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Gizlin ses berişligiň ikinji tapgyrynda ol garşydaşy Barham Salehden has köp ses gazandy. Parlamentiň hasaplaýyş komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Raşid üçin 162 ses, Saleh üçin 99 ses berildi, 8 býulleteniň güýji ýok diýlip hasap edildi. Şeýlelikde, ses berişligiň ikinji tapgyrynda has köp ses almak bilen, 2003 – 2011-nji ýyllarda Suw baýlyklarynyň ministri wezipesini eýelän Raşid Yrak Respublikasynyň onunjy prezidenti boldy.
Raşidi prezident wezipesine saýlanmagy bilen ilkinjileriň biri bolup ýurduň premýer-ministri Mustafa al-Kazymi gutlady.
Yragyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet baştutany ýurduň kürt jemgyýetine, premýer-ministr şaýy musulmanlaryna, parlamentiň başlygy bolsa sünni musulman konfessiýasyna degişli bolmaly. Täze döwlet baştutany saýlanandan soň 15 günüň dowamynda resmi taýdan täze premýer-ministri bellemeli.


05.03.2026 05:58
5.4k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

10.02.2026 09:22
1.7k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

09.02.2026 10:42
1.5k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy...