Geely Aston Martin-iň eýesi boldy

  • 04.10.2022 13:24
  • 6.1k+

Hytaýyň Geely holdingi Britaniýanyň sport ulaglaryny öndürýän Aston Martin kompaniýasynyň paýnamalarynyň 7,6%-ni satyn aldy. Geleşigiň bahasy belli däl, ýöne paýnamalaryň aktual bahasyndan çen tutsaň, ol 66,3 mln funt sterling (73,8 mln dollar) bolsa gerek.

Geely-niň bu geleşigi diňe ikilenji gezekden soň geçirmek başardandygyny bellemek gerek: hytaýlylar britan kompaniýasyndan bir paýy baryp-ha 2020-nji ýylda satyn almak isläpdiler, ýöne şonda Aston Martin olaryň teklibini ret edipdi.
Aston Martin-iň paýnamalarynyň satyn alnandygy baradaky fakt Geely-niň resmi saýtynda eýýäm tassyklandy. Hytaý holdinginiň beýannamasynda şeýle diýilýär: «Geely Aston Martin-iň geljekki üstünligine öz goşandygyny goşup biler». «Biz Aston Martin bilen işleşmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» — diýip, Zhejiang Geely-niň baş direktory Deniel Dunhueý Li mälim edýär.
Hytaýlylar Aston Martin-iň kapitalyna gatnaşmaklarynyň maksadyny heniz aýdyňlaşdyranoklar, ýöne megerem, paýnamalaryň satyn alynmagy geljekde Lotus markasy — Geely-niň portfelinde ýene bir britan kompaniýasy üçin gerek boljak  tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga ýol açsa gerek.
Ozal Geely Mercedes-Benz Group AG-nyň paýnamalarynyň 10%-ni we Renault SA-nyň koreý bölüminiň paýnamalarynyň 34%-ni satyn alypdy. Ondan hem başga hytaý holdingi Geely Auto, Volvo, Lynk & Co, Geometry we Zeekr brendleriniň, Londonyň elektrik taksilerini we furgonlaryny öndürýän London Electric Vehicle Company-nyň, uçýan Terrafugia awtoulaglarynyň işläp taýýarlaýjysynyň eýesi.  

düýn 10:57
2.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.1k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.2k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....

29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......