Figu 6 km belentlikde futbol oýnap, rekord goýdy

  • 27.09.2022 15:41
  • 31k+

«Barselonanyň» we «Realyň» öňki futbolçysy Luiş Figu adaty bolmadyk futbol duşuşygyna gatnaşdy.

Mastercard korporasiýasy dünýä rekordyny goýup, taryha girmegi karar etdi. Munuň üçin gurama dürli kontinentlerden futbolçylardan iki sany ýygyndy düzdi, olara ady rowaýata öwrülen Luiş Figu ýolbaşçylyk etdi. Futbolçylar 6 müň 166 metr belentlige galyp, dartyş güýji bolmadyk ýagdaýda futbol oýnadylar.


Munuň üçin uçaryň bortunda 75 inedördül metr möçberinde ýörite futbol meýdançasy döredildi. Bu adaty bolmadyk oýunda Luiş Figu gol geçirmegi başardy. Bu oýun bolsa parabolalaýyn uçuşda iň belentlikde geçirilen futbol duşuşygy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


düýn 08:37
4.8k+

“Liwerpul” transferlerde £200 mln gazandy, ýöne £300 mln sarp etdi

“Liwerpul” futbol kluby şu tomus öz taryhynda iň güýçli transfer kampaniýasyny geçirýär. Klub oýunçy satuwyndan 200 mln funt sterlingden gowrak gazandy, ýöne täze oýunçylar üçin çykdajylary 300 mln funt sterlingden geçdi diýip, ESPN ýazýar...

düýn 08:24
8.7k+

Ronaldunyň kömegi bilen geçirilen gol “Al-Nasry” Saud Arabystanynyň Superkubogynyň finalyna çykardy

“Al-Nasr” futbol boýunça Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda “Al-Ittihady” utdy. Oýun Gonkongda geçirilip, Kriştianu Ronaldunyň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Oýunda hasaby 10-njy minutda “Al-Nasryň” hüjümçisi Sadio Mane açdy...

19.08.2025 18:40
8.4k+

FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär

FIFA 2029-njy ýyldan başlap Klublaýyn dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegi ara alyp maslahatlaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Bu teklip ilkibaşda “Real” kluby tarapyndan orta atyldy...

19.08.2025 13:48
7.9k+

Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi

“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär...