Figu 6 km belentlikde futbol oýnap, rekord goýdy

  • 27.09.2022 15:41
  • 32k+

«Barselonanyň» we «Realyň» öňki futbolçysy Luiş Figu adaty bolmadyk futbol duşuşygyna gatnaşdy.

Mastercard korporasiýasy dünýä rekordyny goýup, taryha girmegi karar etdi. Munuň üçin gurama dürli kontinentlerden futbolçylardan iki sany ýygyndy düzdi, olara ady rowaýata öwrülen Luiş Figu ýolbaşçylyk etdi. Futbolçylar 6 müň 166 metr belentlige galyp, dartyş güýji bolmadyk ýagdaýda futbol oýnadylar.


Munuň üçin uçaryň bortunda 75 inedördül metr möçberinde ýörite futbol meýdançasy döredildi. Bu adaty bolmadyk oýunda Luiş Figu gol geçirmegi başardy. Bu oýun bolsa parabolalaýyn uçuşda iň belentlikde geçirilen futbol duşuşygy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


düýn 17:37
2.9k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

düýn 17:32
3.4k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
6.7k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.1k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....