Garaşsyzlyk mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler

  • 23.09.2022 23:22
  • 10k+

Türkmenistanda oba hojalyk toplumynyň degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglary gowşurmak dabarasy hem-de Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri hakynda wise-premýer A.Ýazmyradow Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň barşynda habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly  çäreleriň, hususan-da, şanly senäniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.  


şu gün 13:24
3.8k+

1-nji maýdan alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jogapkärçilik güýçlendiriler

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda goşmaça salgyt bellenen harytlaryň söwdasy ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

düýn 19:50
19k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

15.04.2026 15:51
2.5k+

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap......

14.04.2026 16:19
1.7k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......