Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2022 10:47
  • 4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden gutlag haty gelip gowuşdy.

“Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde hytaý-türkmen gatnaşyklary ýokary ösüş depginine eýe boldy,  ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Şu ýylyň mart aýynda Siziň bilen telefon söhbetdeşligini geçirdik. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly möçberli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk hem-de möhüm ylalaşyklary gazandyk” diýip, HHR-iň Başlygy hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

“Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ähli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlygyň täze netijelerini gazanmak üçin Siziň bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn” diýlip, hatda bellenilýär.


05.07.2025 18:15
1.9k+

Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...

30.06.2025 10:53
3.7k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär...

28.06.2025 00:01
5k+

2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi...

24.06.2025 00:22
8.4k+

Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi...