BMG: Çagalara bilim bermek üçin 1,5 mlrd dollar bölüp bermek zerur

BMG: Çagalara bilim bermek üçin 1,5 mlrd dollar bölüp bermek zerur

BMG-niň Adatdan daşary ýagdaýlar we uzak wagtlyk çökgünlik şertlerinde bilim bermek boýunça Ählumumy gaznasy geljek dört ýylyň dowamynda çökgünliklerden zyýan çeken 20 million sany çagany we ýetginjegi goldamaga mümkinçilik almak 1,5 mlrd dollar möçberinde serişde bölüp bermek çagyryşy bilen çykyş etdi. Bu barada BMG-niň resmi maglumatlar portalynda habar berdiler.

2016-njy ýylda döredilen döwründen bäri, gazna bir milliard dollardan gowrak serişde ýygnady we takmynan ýedi million sany çaga we ýetginjege gönüden-göni goldaw berdi. Gazna tarapyndan ýakynda neşir edilen seljermäniň görkezmegine görä, çökgünliklerden ejir çeken 222 mln gyzlar we oglanlar gyssagly ýagdaýda bilim goldawyna mätäç. Şolardan 78 million çaga mekdebe gatnamaýar, 120 milliona golaýy okamagyň ýa ýazmagyň hatda iň az derejesini hem ele almadylar.