HBS: Tomas Tuhel «Bawariýa» baş tälimçi bellenilip biler

  • 21.09.2022 15:48
  • 7k+

Tomas Tuhel «Bawariýa» mýunhen futbol klubunyň baş tälimçisi bellenilip bilner diýip, Fussball News Bild neşirine salgylanyp habar berýär.

Tuhel Londonyň «Çelsi» klubunyň baş tälimçiliginden 7-nji sentýabrda boşadyldy. Çeşmäniň maglumatyna görä, Tuhel uzakmöhletleýin arakesme almak islemeýär we Ýewropanyň beýleki top klublaryndan tekliplere garaşýar. Onuň karýerasyny dowam etmegi üçin mümkin bolan klublaryň biri hem «Bawariýa» bolup biler. Ýulian Nagelsmanyň ýolbaşçylygynda klub häzirki möwsümde birnäçe kynçylyklary çekýär. Bundesliganyň ýedi tapgyryndan soň, mýunhenli klub jedwelde bäşinde ýerde ýerleşýär.
Tuhel 49 ýaşynda. «Çelsä» ol 2021-nji ýylyň ýanwarynda bellenildi we şol möwsümde kluba «Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp berdi. Nemes hünärmeni şeýle hem klub bilen UEFA Superkubogyny hem eýeledi. Tuhel şeýle hem 2021-nji ýylyň iň gowy tälimçisine berilýän FIFA-nyň baýragynyň hem eýesidir.


10.07.2025 20:55
6.7k+

UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi

2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer. AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener...

10.07.2025 18:17
10k+

FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Türkmenistan iki orun ýokary galdy

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy. Indi topar 1092,4 bal (+16,27) bilen 140-njy orny eýeleýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sanawdaky ornuny ýokarlandyrmaga 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýnundaky ýeňiş kömek etdi: 10-njy iýunda topar Tailandyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy...

10.07.2025 14:09
12k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär...

10.07.2025 14:06
4.3k+

Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy...