Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar

  • 17.09.2022 11:04
  • 6.5k+

Amerikanyň Starbucks Corp. kofehanalar tory 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3 müň sany täze kofehana açmagy we şol döwür içinde ýurtda söwdasyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär diýip,  Sietlde geçen "Maýadaryň gününde"  kompaniýanyň top-menejerleri habar berdi.

Şonda ýene üç ýyldan Starbucks-yň Hytaýdaky torunda 9 müň kofehana bolar.
Owal kompaniýa 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtdaky kofehanalaryň sanynyň 6 müňe ýetjekdigini habar beripdi diýip, The Wall Street Journal belleýär.
Ýylyň başynyň kompaniýa üçin gaty çylşyrymly başlanandygyna garamazdan, optimistik meýilnama beýan edilipdi. Starbucks-yň Hytaýda ýylyň 3-nji iýulda tamamlanýan maliýe çärýeginiň içinde deňeşdirilýän satuwlar ýyllyk aňlatmada 44% pese gaçdy, emma şol döwür içinde umumy dünýä görkezijisi welin, 3% ösüpdi. Şondan öňki çärýekde koronawirus pandemiýasyny saklamak bilen bagly berk çäreler sebäpli hytaý kofehanalaryndaky söwda 23% peselipdi.
Emma Starbucks-yň ýolbaşçylygy pese gaçyşlyk wagtlaýyn zat, hytaý bazarynyň potensialy bolsa juda ýokary bolmagynda galýar diýip hasaplaýar. Kompaniýa 2021-nji maliýe ýylynda ähli düşewündiniň 13%-ni Hytaýda gazandy.

"Kofe ýaş hytaýlylaryň gowy görýän içgisine öwrülip barýar, we biz bazaryň möhüm bölegini eýelemäge taýýar - diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Goward Şuls aýdýar. - Häzir biz ýurtda uzak möhletleýin ösüş üçin maýa goýýarys."

Onuň sözlerine görä, häzir Hytaýyň ilaty bir ýylda ortaça 10-12 çaşka kofe içýär, ABŞ-da tersine - 380. 2014-nji ýylda bolsa Hytaýda kofeniň sarp edilişi bir ýylda üç çaşka-da ýetenokdy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Starbucks-yň kapitalizasiýasy 25% diýen ýaly pese gaçdy we häzir 102,2 mlrd töweregidir.


19.12.2024 14:09
2.4k+

Apple Hytaýdan daşlaşyp, Hindistanda AirPods-yň önümçiligini giňeldýär

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleriniň önümçiliginiň bir bölegini Hytaýdan Hindistana geçirýär. Bu Hytaýyň üpjünçiligine garaşlylygy azaltmak strategiýasynyň bir bölegidir. Öň, kompaniýa iPhone smartfonlaryny...

06.12.2024 15:02
1.6k+

BYD awtoulag kompaniýasy Apple üçin iň uly iPad öndürijisi boldy

Hytaýyň BYD kompaniýasy Apple üçin iPad planşetleriniň iň uly öndürijisi boldy. Öz elektromobilleri we akkumulýatorlary bilen has tanalýan öndüriji bellenilen ugurda Taýwanyň Foxconn kompaniýasyny gysyp çykardy...

03.12.2024 21:31
11k+

Kazyýet Tesla kompaniýasyna Ilon Maska $56 mlrd tölemegi gadagan etdi. Kompaniýa şikaýat eder

Kazyýet Tesla-nyň baş müdiri Ilon Maskyň, kompaniýanyň paýdarlarynyň makullandygyna garamazdan, 56 mlrd dollar möçberde öwez bukjasyny alyp bilmejekdigini karar etdi diýip, Reuters habar berýär. Täze karary kazy...

20.11.2024 10:49
1.7k+

Bloomberg: ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan Chrome-y satmagyny talap eder

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google kompaniýasyna we onuň golçur düzümlerine eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasyna Chrome brauzerini satmaga mejbur etmek haýyşy bilen kazyýete ýüz tutar. “Bloomberg-iň" habaryna...