Kewin de Bruýne Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy diýlip yglan edildi

  • 16.09.2022 22:15
  • 6.2k+

«Mançester Siti» iňlis futbol klubunyň ýarym goragçysy Kewin de Bruýne UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynyň iň oňat oýunçysy boldy diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.

«Borussiýa» (Dortmund) bilen geçirilen duşuşykda de Bruýne netijeli pas bilen tapawutlandy, «Mançester Siti» bolsa 2:0 hasap bilen ýeňiş gazandy.
31 ýaşly belgiýaly futbolçy iňlis klubunyň düzüminde 2015-nji ýyldan, ýagny nemesleriň «Wolfsburgyndan» geçeli bäri çykyş edip gelýär.
"Sitiniň" düzüminde ol dört gezek Angliýanyň çempionatyny, iki gezek Angliýanyň Superkubogyny, bäş gezek Iňlis ligasynyň kubogyny, bir gezegem Angliýanyň kubogyny gazandy.


düýn 23:43
716

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.5k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.4k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....