Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri söweşmek barada ylalaşdylar

  • 16.09.2022 20:39
  • 14k+

Britaniýaly boksçy Entoni Joşua öz watandaşy, Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä, dünýä çempiony Taýson Fýuriniň söweşmek baradaky çagyryşyny kabul etdi diýip, “Daily Mail” habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Super agyr agramda çykyş edýän türgenleriň söweşiniň 3-nji dekabrda bolmagyna garaşylýar we onuň geçirilmegi baradaky şertnama ýakyn wagtda gol çekiler.
Fýuri bilen Joşua 2021-nji ýylda söweşmegi meýilleşdiripdiler. Ýöne arbitraž komissiýasy Fýuri Joşua bilen däl-de, amerikaly Deonteý Uaýlder bilen duşuşmaly diýen netijä geldi. Netijede, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Fýuri Uaýlder bilen söweşdi we garşydaşyny 11-nji raundda nokauta gidirip, tituly gorady. 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde Fýuri britaniýaly Dillian Uaýty altynjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, ýene-de tituly gorady.
Häzirki wagtda 34 ýaşly Fýuri ýeňilmezek professional boksçy adyny götermegi dowam etdirýär. Ol bir deňme-deňlik bilen 32 söweşde ýeňiş gazandy (23-üsi nokaut bilen).
32 ýaşly Joşua bolsa 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňildi we WBA Super, WBO, IBF we IBO-nyň wersiýalary boýunça çempion guşaklaryny ýitirdi. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Joşua emin agzalarynyň tapawutly karary bilen rewanş söweşinde Usikden ýeňildi.


düýn 09:14
3k+

The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar...

13.12.2025 17:38
11k+

Boksçy Murat Gassiýew ýedi ýyldan soň WBA-nyň dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

Russiýaly Murat Gassiýew agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) yzygiderli dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. Dubaýda geçirilen «IBA.PRO 13» ýaryşynyň esasy söweşinde ol bolgariýaly boksçy Kubrat Pulewden üstün çykdy...

05.12.2025 16:56
9.9k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...

19.11.2025 09:57
6.8k+

Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. “WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi...