Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy

  • 16.09.2022 20:20
  • 16k+

Öň, dünýäniň iň demirgazyk gury ýer bölegi hasaplanan Arktikadaky "Arwah ada" aýsberg bolup çykdy. Ony bir ýyl mundan ozal Grenlandiýanyň demirgazyk kenarynda grenlandiýaly, daniýaly we şweýsariýaly gözlegçileriň topary açypdy. Bu barada MIR24 habar berýär.

Ada Qeqertaq Avannarleq diýlip atlandyryldy, bu ýerli dilde "iň demirgazyk ada" diýmegi aňladýar. Onuň ölçegi, takmynan, 30×60 metr.
2022-nji ýylda sebite täze ekspedisiýa ugrady. Oňa gatnaşyjylar GPS maglumatlaryny ýygnap, buzuň galyňlygyny we deňziň çuňlugyny kesgitlemek üçin lazer skanerini peýdalandylar.
Gözleg adanyň, aslynda, deňziň düýbünde batyp galan uly aýsbergdigini görkezdi. Ähtimal, bir wagtlar ol buzlugyň bir bölegi bolmaly. Aýsbergiň üsti tekiz bolup, hakykatdan-da, ýer we daşlar bilen örtülendir. Ýöne bu diňe, ähtimal, süýşgüniň netijesinde ýüze çykan ýukajyk üstki gatlakdyr.
Gözlegiň netijeleri alymlara "arwah adalary" hadysasyna has gowy düşünmäge kömek etdi. Öňki ýyllarda Morris-Jessup burnundan demirgazykda birnäçe ada bellige alnypdy. Ýöne belli bir wagtdan soň olar nam-nyşansyz ýitýärdiler, şol sebäpli-de olara “arwah adalar” diýlip at berildi.
Alymlar bu adalaryň hem birnäçe ýyllap durnukly ýagdaýyny saklan aýsbergler bolup biljekdigini bellediler. Häzirki wagtda tassyklanan iň demirgazyk gury ýer bölegi Inuit Qeqertaat adasy ýa-da Kofe klubunyň adasy hasaplanýar.

düýn 14:28
1.5k+

YouTube-da indi habarlaşmak we wideo paýlaşmak üçin gurlan messenjer peýda boldy

YouTube wideolary göni mobil programmanyň içinde paýlaşmaga we ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýanyň synagdan geçirilýändigini yglan etdi. Aslynda, bu, hyzmatda birnäçe ýyllap elýeterli bolan, ýöne 2019-njy ýylda aýrylan şahsy habarlaşmagy yzyna getirýär...

düýn 13:59
7.1k+

Taryhda ilkinji kalkulýatory auksionda satmak gadagan edildi: ony Blez Paskal oýlap tapypdy

Christie's auksion öýi ilkinji işleýän hasaplaýjy maşynyň (kalkulýatoryň) seýrek nusgasyny söwdadan aýyrdy. Parižiň administratiw kazyýeti bu gymmatly zadyň Fransiýada galmalydygy barada karar çykardy diýip, "The Guardian" neşiri habar berýär...

düýn 13:49
958

“Ýewrowideniýede” ses bermegiň düzgünleri üýtgedildi

Ýewropa ýaýlym birleşigi (EBU) “Ýewrowideniýede” ses bermegiň täze düzgünlerini yglan etdi. Esasy üýtgeşmeleriň arasynda ýarym finallara hünärmen eminleriň gaýdyp gelmegi we ses berişlikde kezzaplygyň öňüni almaga gönükdirilen täze çäreler boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar...

düýn 12:22
5k+

Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy...