Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar

  • 13.09.2022 11:09
  • 11k+

Ford kompaniýasy 1.2 wersiýa çenli täzelenen ýarym özbaşdak dolandyrylýan BlueCruise ulgamynyň  programma toplumyny çykardy. Ulgam indi hatardan-hatara düzülmegi, şeýle hem duýdansyz öwrümlerde tizligi peseltmegi başarýar. Täzelenen "awtopilot" eýýäm şu güýzde elýeter bolar.

Uly ýol bilen BlueCruise-i işledip barýan sürüjä täze hatara geçmek üçin desti aýlamak hökman däl: öwrümi ýakyp,  hereketiň hataryny çalyşmak barada elektronika komanda bermek ýeterlik.  
Indi tizlige gözegçiligi täze funksiýa bolan Predictive Speed Assist jogap berýär. Ol ulaga duýdansyz öwrümiň öň ýanynda gerekli tizlige çenli badyny awtomatik usulda haýallatmaga mümkinçilik berer. Ondan hem başga, elektronika haýallamanyň sebäbini hem duýdurýar.
Onsoňam, sanawa girizilen In-Line Repositioning funksiýasy ulagyň hatarda hereket edende has tebigy bolmagyna jogap berýär. 
Mysal üçin, goňşy hatarda uly göwrümli ulagy "gören" "awtopilot" awtoulagy ondan biraz gapdala sowup-süýşürer.
BlueCruise ulgamyny ABŞ-yň hemme ýollarynda ulanyp bolmaz, ýöne olaryň umumy uzynlygy eýýäm 200 müň kilometrden geçýär. Täze model ýylynyň Mustahg Mach-E-i täzelenen "awtopilotyň" oturdyljak ilkinji  Ford modeli bolar. Ondan hem başga, ulgam täze Lincoln üçin hem elýeter bolar. Eýýäm satylan BlueCruise-li awtoulaglary 1.2 wersiýa çenli täzeläp boljagy-bolmajagy häzirlikçe takyklanmalaýar.  


düýn 07:14
1.8k+

Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......

16.04.2026 10:47
2.6k+

Ford kompaniýasynyň baş direktory seýrek De Tomaso Pantera sport awtoulagyny satuwa çykardy

Ford kompaniýasynyň baş direktory Jim Farley 1970-nji ýyllarda öndürilen De Tomaso Pantera sport awtoulagyny Bring a Trailer auksionynda 127 000 dollar bahadan satdy. Bu awtoulagyň özboluşlylygy - onuň......

14.04.2026 00:04
2.7k+

Ford awtoulaglary sürüjä sözsüz – ýüzüniň we dodaklarynyň hereketlerinden düşüner

Ford kompaniýasy sürüjiniň dodaklarynyň hereketi boýunça buýruklaryny okap bilýän innowasion ses dolandyryş ulgamyny işläp düzýär. Bu tehnologiýa kabrioletlerde we üsti açyk wnedorožniklerde sesiň tanalmagyna......

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......