Türkmenistan Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde 2 altyn medal gazandy

  • 04.09.2022 18:22
  • 32k+

Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilýän Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň ilkinji bäsleşik gününde türkmen türgenleri iki sany altyn medala eýe boldular. 60 kg agramda final ýaryşynda fransuz türgeni Rişar Wernýeden üstün çykan Hakberdi Jumaýew biziň ýygyndy toparymyza birinji altyn medaly getirdi. 66 kg agramda aýgytly tutluşykda gazak türgeni Ýermek Amangeldiden üstün çykan Hekim Agamämmedow Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal gaznasynyň üstüni ikinji altyn medal bilen doldurdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy medal sanaşygynda öňde barýar. Onuň yzyndan Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Kubanyň ýygyndylary gelýär.
Bu gün erkekleriň arasynda üç agram toparyndaky (-90kg – 100kg, +100kg) we  zenanlaryň arasynda üç agram toparyndaky (-70kg, -78kg, +78kg) baýrak eýeleri kesgitlenilýär.
Awstriýadaky turnire 38 ýurtdan 311 türgen gatnaşýar.


düýn 17:28
2.8k+

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki...

düýn 17:08
5.1k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

18.11.2025 23:55
10k+

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy...

18.11.2025 18:05
5k+

Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Türkiýede geçirilen Mersin şäher häkimliginiň IX halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Ýaryş şweýsar ulgamynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi we oňa 19 ýurtdan gelen 360 küştçi gatnaşdy, olar dört dereje boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler...