Matwiýenko bilen telefon söhbetdeşligi: RF-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşýarlar

  • 30.08.2022 09:59
  • 13k+

29-njy awgustda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagynyň berlendigi üçin Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha, şol ýoluň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de  ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hanym Walentina Matwiýenko Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna resmi sapary bilen gelmäge garaşýandyklaryny belledi. 


şu gün 07:51
1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......