Türkmenistanda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişi başlanar

Türkmenistanda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişi başlanar

26-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä, hormatly ýaşululardan ekişi “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

“Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar!”  diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzyň edermen gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.