Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglanyldy

  • 27.08.2022 16:16
  • 8.5k+

Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglanyldy. Hormatly myhmana bu sylag 26-njy awgustda Aşgabada saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde gowşuryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ol bu ýokary sylaga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.  


şu gün 11:38
212

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

düýn 13:59
1.4k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär...