Ärdogan Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalarynyň işine ýokary baha berdi

  • 26.08.2022 09:54
  • 12k+

“Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk-potratçy kompaniýalarynyň 250-siniň 48-si Türkiýäniň kompaniýalarydyr. Munuň özi biziň ýurdumyz üçin buýsançly ýagdaý bolup durýar” diýip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belleýär. Bular barada 24-nji awgustda Ankarada daşary ýurtlarda iri gurluşyklary alyp barýan türk kompaniýalaryna sylaglary gowşurmak dabarasynda aýdyldy.

“Anadolu” agentliginiň berýän maglumatyna görä, türk kompaniýalarynyň bu ugurdaky mümkinçilikleri entek doly açylmaýar, olar dünýäniň gurluşyk bazaryna gatnaşygyny has-da giňeldip bilerler. Häzirki wagtda onuň möçberi 420 milliard amerikan dollaryna barabar bolsa, 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 750 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

“Türk kompaniýalarynyň baý tejribesi biziň gurluşykçylarymyzyň üstünlikleriniň kepili bolup durýar. Birinji tapgyrda biz türk kompaniýalarynyň dünýäniň gurluşyk bazaryna gatnaşygynyň paýyny 10 göterime çenli ýetirip bileris. Soňlugy bilen bolsa (2053-nji ýyla çenli) bu görkeziji 15 göterime ýetiriler. Başlangyç tapgyrda 750 milliard dollar — ýetip boljak maksat” diýip, Ärdogan belleýär. Onuň sözlerine görä, soňky ýarym asyrda Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary dünýäniň 131 ýurdunda bahasy 460 milliard amerikan dollaryna deň bolan taslamalary amala aşyrdylar. Şonuň 90 göterimi bolsa soňky 20 ýylda amala aşyrylan taslamalardyr.

Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary türkmen bazarynda hem öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. “Çalyk Holding”, “Çalyk Enerji”, “Rönesans”, “Gap Inşaat” ýaly kompaniýalar bolsa Türkmenistanyň dürli künjeklerinde iri gurluşyk taslamalarynyň ençemesini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......