GFR-de dünýäde ilkinji wodorod ýangyjy bilen işleýän ýolagçy otlulary işe girizildi

  • 26.08.2022 09:47
  • 7.5k+

Germaniýada Alstom kompaniýasynyň dünýäde ilkinji wodorod ýangyjynda işleýän ýolagçy otlulary işe girizildi. Bu barada Aşaky Saksoniýanyň transport kompaniýasynyň wekili Karmen Şwabla salgylanyp, NDR radiostansiýasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ilkibaşda wodorod ýangyjy bilen işleýän bäş sebit otlusy Kukshafen, Bremerhafen, Bremerwerde we Bukstehude şäherleriniň arasynda 126 kilometrlik ugur boýunça gatnaw eder.
Wodorod bilen işleýän sebit otlulary 15 sany dizel otlusynyň ornuny çalşyryp, zyýanly zyňyndylary goýbermez. Geljekde olar beýleki ugurlar boýunça hem gatnaw edip biler.
Tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy otlularyň elektrikleşdirilmedik ugurlar boýunça-da gatnaw edip bilmegidir. Aşaky Saksoniýanyň transport kompaniýasy umumy bahasy 93 mln ýewro bolan wodorod ýangyjynda işleýän jemi 14 otlyny satyn aldy. Galan dokuz otly hem ýylyň ahyryna çenli işe giriziler.
Alstom maşyn gurluşygy pudagynda dünýä lideridir. Konsern, esasan, teplowozlaryň we elektrowozlaryň önümçiligine ýöriteleşýär. Şeýle-de, onuň iş ugruna güýç elektronikasy, signal ulgamlary, hereket ediş düzüminiň we toplumy düzüjileriň önümçiligi üçin meýdançalar girýär.


08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....