Iň gymmat modellerden başga smartfonlara isleg peseldi

  • 24.08.2022 19:25
  • 14k+

Samsung we Apple kompaniýalaryndan başga ähli smartfon öndürijiler diýen ýaly 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde önüm iberilişiniň pese gaçandygyny hasaba alýar. International Data Corp. kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen çärýek dünýäde smartfonlaryň iberilişi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9% azaldy diýip, 3dnews.ru belleýär.

Uly pese gaçyş Xiaomi, Vivo we Oppo ýaly hytaý brendlerinde görünýär. Meselem, Xiaomi-de smartfon iberilişi ikinji çärýekde dörtden birindenem gowrak – 26% azaldy. Netijede, girdeji hem peseldi.
“Wall Street Journal” (WSJ) gazeti bilen söhbetdeşlikde analitikler we kompaniýanyň ýolbaşçylary pese gaçyşyň sebäbi hökmünde inflýasiýany, Hytaýda bazaryň gowşamagyny we adamlaryň pandemiýadan soň köp wagtlaryny daşarda geçirýändiklerini bellediler. Ýakynda islegiň şeýle pese gaçyşy bilen mikroshemalary we komponentleri öndürijiler hem ýüzbe-ýüz boldy.
Şeýle-de, WSJ soňky ýyllarda smartfona eýe bolmagyň dowamlylygynyň ýokarlanandygyny görkezýän analitikleriň netijelerini getirýär. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda geçirilen pikir soraşmalara görä, telefona eýe bolmagyň ortaça dowamlylygy, takmynan, 20 aýdan iki ýyldan gowrak wagta çenli ýokarlandy.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......