Ýewropa kosmosdan Gün energiýasyny almagy meýilleşdirýär

  • 21.08.2022 19:59
  • 5k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ministrleriniň duşuşygynda kosmos Gün elektrostansiýasynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagy üçin pul serişdesini soramakçy bolýar. Pul mukdary habar berilmeýär, ýöne möhlet eýýäm belli – esaslandyryş 2025-nji ýyla çenli tamamlanmaly, şonda taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada karara gelner. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Kosmosda ýerleşýän Gün elektrik stansiýalarynyň (SBSP) taslamasyny döretmek baradaky maksatnama ABŞ-da, Hytaýda, Beýik Britaniýada we Russiýada işe girizildi. Ýeriň orbitasyndaky Gün elektrik stansiýalary Gün bilen hemişe şöhlelendirilip, optimal režimde üznüksiz elektrik öndürip biler. Energiýa Ýere lazer şöhlesi boýunça-da, ýokary ýygylykly radio şöhlelenmesi görnüşinde-de iberilip bilner.
Ýewropanyň SBSP taslamasy Solaris adyny alar. ESA-nyň SBSP taslamasynyň tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmagynyň maliýeleşdirilmegi üçin ýüz tutmasy Ýewropa kompaniýalary: Britaniýanyň Frazer-Nash we Germaniýanyň Roland Berger kompaniýalary tarapyndan geçirilen iki tematiki gözlege daýanýar. Bu kompaniýalaryň ikisi-de SBSP-niň şol bir wagtyň özünde Ýewropanyň komissiýasy tarapyndan kesgitlenen 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola getirmek maksadyny goldamak bilen, Ýewropanyň energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin potensiala eýedigi baradaky netijä geldiler.
Frazer-Nash-yň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň kosmos Gün elektrik stansiýasynyň (elektrik stansiýalarynyň) bahasy 2022-nji ýyldan 2070-nji ýyl aralygynda 149 mlrd ýewrodan 262 mlrd ýewro çenli bolup biler. Eger hasap üçin “gigawat derejeli” 54 hemrany alsak, olar bu döwürde sebitde işläp düzmeler we ulanylyş üçin 418 mlrd ýewro çykdajyda 601 mlrd ýewro peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde, esasy peýda kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmagyň we Ýerde elektrik stansiýasynyň ulanylyşy üçin çykdajylary azaltmagyň hasabyna bolar.
Roland Berger-iň gelen netijesi boýunça, bar bolan gurluşlaryň esasynda SBSP-niň bir hemrasyny döretmek esasy tehnologiýalarda öňegidişlik gazanylan halatynda 8,1 mlrd ýewro, onuň geljek 30 ýylda ulanylyşy bolsa 7,5 mlrd ýewro düşüp biler. Eger öňegidişlik bolmasa, onda hemra 33,4 mlrd ýewro, onuň ulanylyşy 31,1 mlrd ýewro düşer.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....