Bitkoiniň bahasy 10%-den gowrak aşaklady

Bitkoiniň bahasy 10%-den gowrak aşaklady

Bitkoin söwda sessiýasynyň dowamynda 10,13%, 21,010 müň arzanlady. Muňa Coindesk meýdançasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Soňky maglumatlara görä bitkoiniň bahasy pese düşüş wagty çala galyp, 21,019 müň derejede boldy.
Bitkoin - adybir kriptowalýutanyň blokçeýn tehnologiýasynyň esasyndaky demerkezleşdirilen ulgamy. Ony islendik ulanyjy - ulgama gatnaşyjy "gazanyp" (emitirläp bilýär). Munuň üçin ulgamyň täze bloklaryny döretmeli.
Ulgamyň konsepsiýasy onuň Satosi Nakamoto lakamly awtory (belki-de, awtorlar topary) tarapyndan 2008-nji ýylyň noýabrynda çap edildi. Bitkoin diňe soňky ýyllarda meşhurlyga ýetdi. Bitkoiniň emissiýasy tebigy görnüşde çäklendirilen, häzirki wagtda bitkoinleriň köp bölegi eýýäm "gazanylan".