Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi resmi taýdan wezipä girişdi

  • 20.08.2022 14:33
  • 11k+

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada orient.tm habar berýär.

Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Fransiýanyň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatyny wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa işine üstünlik arzuw etdi. Ol Döwlet protokoly gullugynyň Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ikitaraplaýyn başlangyçlara hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini habar berdi.
Türkmenistanyň Fransiýadaky doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 10:14
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler...

09.07.2025 11:12
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

09.07.2025 11:02
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

09.07.2025 10:18
4.8k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...