Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy

  • 17.08.2022 17:35
  • 8.8k+

Eýýäm birnäçe ýyl bäri Adidas-yň işjeňlik bilen simsiz nauşnikleri çykarýandygyndan siziň habaryňyz barmy? Şol döwür içinde kompaniýa ep-esli öňe gitdi.

Brendiň Adidas RPT-02 SOL atlandyrylan täze modeli özüniň iki sany aýratynlygy bilen magtanyp biler.
Birinjiden, täze nauşnigiň üýtgeşik awtonom häsiýeti bar – bir gezek berlen zarýady bilen ol 80 sagatlap işläp bilýär. Top model Sony — WH-1000XM5 bilen deňeşdirseň, bu görkeziji bary-ýogy 40 sagatdan ybaratdyr.
Ikinjiden, Adidas Günüň energiýasyndan zarýad alyp bilýär. Bu iş nauşnikleriň korpusyna oturdylan Gün paneli arkaly amala aşýar.
Başga-da, IPX4 ülňüsine laýyk goragynyň bardygyny, gurluşynyň 87%-niň täzeden işlenen plastikdigini we ş.m. bellemek gerek. Täze gulaklyklaryň bahasy 229 dollardyr.


şu gün 08:07
3.1k+

Hytaýda içinde birje adam hem işlemeýän myhmanhana açylar

Hytaýyň Pudu Robotics kompaniýasy tutuşlygyna robotlar tarapyndan dolandyryljak we adam zähmetini talap etmejek täze bir myhmanhananyň gurluşygyny yglan etdi. Bu desganyň resmi taýdan açylmagy 2027-nji ýyla......

düýn 00:18
2.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

28.06.2026 20:31
4.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......