Karlo Ançelotti «Realdan» soň karýerasyny tamamlar

  • 15.08.2022 11:29
  • 12k+

Futbol taryhynda iň üstünlikli tälimçileriň biri bolan Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” işinden soň karýerasyny tamamlar. Bu barada 63 ýaşly italiýaly “II Messaggero” gazetine gürrüň berdi diýip, sportrbc.ru belleýär.

«Realdaky» bu tapgyr meniň karýeramyň soňy bolar. “Realdan” soň men saklanaryn. “Real” – futbolyň çür depesi. Şeýle tejribeden soň nokat goýmagyň hem manysy bar» – diýip, Eurosport Ançelottiniň sözlerini getirýär.

Ançelotti 2021-nji ýylyň tomsunda karýerasynda ikinji gezek “Reala” ýolbaşçy boldy, onuň şertnamasy ýene iki ýyl hereket eder. Geçen möwsüm ol klub bilen Ispaniýanyň çempionatynda we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.
Ançelotti tälimçi hökmünde taryhda ilkinji bolup dört Çempionlar ligasynda / Ýewropa çempionlarynyň kubogynda ýeňiş gazandy. Tälimçi hökmünde “Milan” (2003, 2007) we “Real” (2014, 2021) bilen iki gezek kubok aldy. Ol geçen möwsüm tälimçi hökmünde geçirilen Çempionlar ligasynyň finalynyň sany boýunça rekordy täzeledi (5).
Ançelotti tälimçi hökmünde öňdebaryjy 5 Ýewropa çempionatynyň ählisinde ýeňiji boldy (Angliýa, Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa), bu öň hiç kime başartmandy. Ol “Realdan” we “Milandan” başga-da, Italiýanyň “Rejana”, “Parma” we “Ýuwentus”, Angliýanyň “Çelsi” we “Ewerton”, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” we Germaniýanyň “Bawariýa” klubuna ýolbaşçylyk etdi.


şu gün 00:10
1.3k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
3.9k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.7k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....

16.04.2026 01:35
3.8k+

Hawýer Maskerano «Inter Maýami» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Argentinaly hünärmen Hawýer Maskerano «Inter Maýami» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. MLS toparynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 41 ýaşly tälimçi şahsy sebäplere görä wezipesinden......