«Sputnik V» Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy

«Sputnik V» Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy

COVID-19-a garşy iki komponentli sanjym “Sputnik V” Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy. Bu barada Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň baş müdiri Kirill Dmitriýew habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

“Hasaba alnandan bäri geçen iki ýylda “Sputnik V” sanjymy Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy we özüni doly esasda dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek üçin iň täsirli we howpsuz gurallaryň biri hökmünde görkezdi” – diýip, gaznanyň metbugat gullugy Dmitriýewiň sözlerini getirýär. 

Onuň aýtmagyna görä, derman serişdesiniň howpsuzlygyny 50-den gowrak kliniki synaglaryň netijeleri we Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy ýaly dünýäniň dürli sebitlerinde milli sanjym programmasynyň çäklerinde “Sputnik V-niň” ulanylyşy baradaky maglumatlar tassyklaýar.

“Derman serişdesiniň köpçülikleýin önümçiligini üpjün etmek üçin Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň tagallalary bilen taryhda ilkinji gezek önümçilik hyzmatdaşlarynyň halkara ulgamy döredildi hem-de 18 ýurtdaky 27 meýdançada rus sanjymynyň önümçiligi lokallaşdyryldy” – diýip, Dmitriýew habar berdi.

Ol gaznanyň başlangyjy bilen bir komponentli “Sputnik Laýt” sanjymynyň hem işlenip taýýarlanandygyny ýatlap geçdi.
Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy “Sputnik V” we “Sputnik Laýt” sanjymlaryny işläp taýýarlamakda we öndürmekde esasy maýadardyr. “Sputnik V” umumy ilaty 4 milliarddan gowrak bolan 71 döwletde, “Sputnik Laýt” 30-dan gowrak döwletde ulanmak üçin tassyklandy.