15-nji noýabrda Ýeriň ilat sany 8 milliard adamdan geçer

  • 14.08.2022 23:45
  • 13k+

Ilon Mask häzir çaganyň az dogulýandygy we munuň ABŞ üçin uly meselä öwrülmeginiň mümkindigi barada bireýýäm telim gezek aýdypdy. Ýöne beýleki sebitleriň köpüsinde (esasanam, Aziýa sebitinde) dogluş bilen bagly mesele ýok, Ýer togalagy boýunça tutuş alanyňda dogulýanlaryň sany köpelmek bilen. Eýýäm üstümizdäki ýylda Ýeriň ilaty 8 milliarddan aşar.

Ýeriň 8 milliardynjy ýaşaýjysynyň haçan dünýä injegini hiç kim bilmeýär, ýöne BMG-de bu wakanyň şertli senesini 15-nji noýabr diýip hasaplamagy karar etdiler.
Ikinji Jahan urşundan soň, geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap, Ýer togalagynyň ilaty işjeň artyp başlady. Eger geçen asyryň birinji ýarymynda Ýerde 1,65 milliard adam ýaşaýan, 60-njy ýyllarda bolsa üç milliard diýip  hasaba alnan bolsa, soňky 50-60 ýylyň içinde ilat 5 milliard adam köpeldi. Ortaça alanyňda her on ýylda bir milliard adam artypdyr. Ösüşiň häzirki depgini saklansa, üstümizdäki ýüzýyllygyň ortasyna çenli Ýeriň ýüzünde eýýäm 10 milliard adam ýaşar. 


19.05.2026 16:54
9.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......