Nýu-Ýorkda şäher merkezine girmegi tölegli etmegi meýilleşdirýärler

  • 14.08.2022 09:03
  • 16k+

Nýu-Ýorkuň hökümeti şäher merkezine girmegi tölegli etmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar diýip, Reuters ýazýar. Täze ýygym "dykyn üçin salgyt" diýip atlandyrylýar - hereketiň aşa köp sagatlary şäher merkezine girenlerinde sürüjilere 23$ töletmek (gijeki tarif 5$) göz öňünde tutulýar. 

"Dykyn üçin salgyt" girizilse, ABŞ-nyň iň köp hereketli etraby hasaplanýan Manhettende ulaglaryň sany 15-20% azalar diýip nygtalýar. Şonda jemgyýetçilik ulagyna düşýän agram bary-ýogy 1-2% artar.
Nýu-Ýorkuň hökümetiniň baryp-ha 2019-njy ýylda şäher merkezine girmek üçin töleg girizmek isländigini belläliň, emma Donald Trampyň prezidentlik eden döwründäki federal hökümetler munuň ýaly karary öňlamadylar.

"Dykyn üçin töleg almak daşky gurşawy goramak üçin peýdaly, jemgyýetçilik ulaglary  hem-de Nýu-Ýork we sebit üçin bähbitli" - diýip, Şäheriň ulaglary dolandyryş edarasynyň baş direktory Ýanno Liber aýdýar.


düýn 18:56
3.6k+

Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi

Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...

düýn 06:25
1.9k+

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi...

04.07.2025 17:58
8.8k+

Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC tutluşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly Aýowa ştatyndaky çykyşynda habar berdi...

03.07.2025 14:36
5.4k+

ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi

Waşington amerikan ştatynda tirannozawrlaryň ýel berilýän eşiklerini geýen adamlaryň arasynda ylgaw boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu barada CBS News habar berýär. Çäre Emerald Downs aýlawynda geçirildi. Oňa 300-den gowrak adam gatnaşdy...