«Sputnik V» waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy

  • 14.08.2022 08:47
  • 11784
«Sputnik V» waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi COVID-19-a garşy «Sputnik V» waksinasynyň dürli öndürijileriň preparatlary üçin  ulanylyş möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi.

«Täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almaga niýetlenen «Sputnik V» waksinasynyň ulanylyş möhleti dürli öndürijileriň preparatlary üçin alty aýdan bir ýyla çenli uzaldyldy» — diýip, çarşenbe güni Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Waksinany medisina taýdan ulanmak boýunça gollanma degişi üýtgetmeler girizildi diýip habarda aýdylýar.

«Şol bir wagtda, preparatyň ulanylyş möhletini uzaltmak barada karar kabul edilmezinden öň öndürilen dermanyň gutusyndaky has gysga ulanylyş möhleti baradaky maglumat preparatyň möhletiniň geçendigini aňlatmaýar» — diýip, metbugat gullugynda nygtap aýtdylar. Waksina dermanlarynyň möhletini uzaltmak baradaky karar, her bir ýagdaýda-da, geçirilen ekspertizanyň netijelerine esaslanýar. Netijeler onuň görkezilen ulanylyş möhletiniň bütin dowamynda hilini saklaýandygyny, diýmek, dermanyň howpsuz we netijelidigini tassyklaýar diýip, Saglygy goraýyş ministrliginde habar berdiler.


10.05.2024 13:28
4223

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
10790

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...

03.05.2024 14:51
16891

BSGG-niň Russiýadaky wekilhanasyna asly türkmenistanly Batyr Berdigylyjow başlyk bellenildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine Batyr Berdigylyjow bellendi diýip, guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Berdigylyjowyň eýýäm täze wezipesine...

09.12.2023 18:00
14899

Alymlar oňurga ýiliginiň şikeslenmesini bejermek üçin sütün öýjükli dermany döretdiler

Russiýada oňurga ýiliginiň şikeslenmesini bejermek üçin sütün öýjükleri esasynda derman öndürildi. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň FMBA-nyň Beýni we neýrotehnologiýa merkeziniň...