Awazada geçiriljek halkara ministrler maslahatynyň maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 13.08.2022 09:31
  • 12k+

12-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hususan-da, mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylýan forumyň maksatnamasy barada habar berdi. Maslahata 39 ýurda hem-de 34 halkara gurama wekilçilik edýän wekiller gatnaşar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......