Halkara baýraklarynyň sany boýunça Benzema Ronaldudan öňe geçdi

  • 12.08.2022 12:36
  • 18k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi we «Barselonanyň» goragçysy Žerar Pike iň köp halkara baýrakly oýunçylaryň top-10-lugyndan aýryldylar diýip, žurnalist Tankredi Palmeri öz «twitterinde» habar berýär.

Top-10-luk şunuň ýaly görnüşde:

  • Kafu (17)
  • Toni Kroos (16)
  • Dani Alwes (15)
  • Karim Benzema (14)
  • Paolo Maldini (13)
  • Andreas Inýesta (13)
  • Serhio Ramos (13)
  • Kriştianu Ronaldu (13)
  • Luka Modriç (13)
  • Dani Karwahal (13)
  • Kazemiro (13)
  • Naço (13)

Bu sanawda Karim Benzema Ronaldudan, Ramosadan, Inýestadan we Maldiniden öňe geçmek başartdy.
10-njy awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda «Real» «Aýntrahty» ýeňdi. Duşuşyk Helsinkide (Finlýandiýa) geçdi we 2:0 hasabynda «Realyň» ýeňşi bilen tamamlandy.
Şol ýeňişden soň halkara we milli derejeleriniň sany boýunça «Realyň» «Barselonadan» öňe geçendigini bellemelidiris. Indi «Realyň» 98 baýragy, katalon klubunyň bolsa 97 baýragy bar.


düýn 19:46
5.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
4.4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......