«Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy täzelendi

«Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy täzelendi

Işangulyýew Şirgeldi Işangulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.