Lamborghini-niň esaslandyryjysy «Awtoulag şöhrat zalyna» girizildi

  • 29.07.2022 15:25
  • 13k+

Lamborghini kompaniýasyny esaslandyryjy Ferruçço Lamborgini "Awtoulag şöhrat zalynyň" (Automotive Hall of Fame) agzasy hökmünde ykrar edildi. Bu zal awtoulag senagatynyň has mynasyp wekillerini şu at bilen belli edýän muzeý. Belläp geçsek, onuň gönüden-göni bäsdeşi Enso Ferrari "Awtoulag şöhrat zalyna" mundan on iki ýyl ozal girizilipdi.

"Gürrüň kaşaňlyga, sport görnüşlilige we gözellige dirände, Lamborgini ýaly hormata mynasyp at juda seýrekdir" - diýip, muzeýiň beýannamasynda aýdylýar.

Lamborghini Automobile kompaniýasynyň peýda bolmagynda Enso Ferrariniň hut özi gytaklaýyn günäkär hasaplanýar. Traktor gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ferruçço Lamborgini 1958-nji ýylda özüniň Maranelloly ilkinji gran-turýerini, Ferrari 250GT-ni döretdi. Bu awtoulagdan onuň şeýlebir göwni geçipdir welin, ol ähli taraplaýyn göwnüne jaý boljak öz hususy modelini işläp taýýarlamagy ýüregine düwýär.

"Tehniki «bombany» däl-de - adaty ulagy. Ýönekeý, aňrybaş göwnejaýyny" - diýip, şonda Lamborgini belläpdir. Bir ýyl geçiribem ol öz hususy kärhanasyny esaslandyrypdyr.

"Awtoulag şöhrat zaly" awtoulag gurluşygynyň ilkinjileri hem-de tutuşlygyna pudaga we awtosportuň ösüşine özleriniň aňrybaş täsirini ýetiren adamlary hatyralamak üçin 1939-njy ýylda ABŞ-da esaslandyrylypdyr. Onuň agzalarynyň arasynda (dünýä awtosenagatynyň baş kompaniýalaryny esaslandyryjylary öz içine almak bilen) meşhur senagatçylar, bezegçiler we konstruktorlar, türgenler we şolar ýalylar bar. 


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......