ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

  • 26.07.2022 13:27
  • 5.5k+

25-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

Çykyşlarda hasabat döwründe toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny, atlary bezemegiň hem-de ýüpek önümçiliginiň däplerini we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar hem-de degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly ugur boýunça pikir alyşmalar boldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak üçin degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO-nyň täze klubunyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle birleşmäni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem döretmek meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça gazanylan netijeler we bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda-da maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy bellenildi.


10.04.2026 23:51
17k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 16:58
3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......

09.04.2026 19:44
1.2k+

Türkmen sungat ussatlary Grets-Armanwilýe şäherinde çykyş etdi

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guraldy....

09.04.2026 16:01
18k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......