ABŞ-da ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammed Aliniň çempionlyk guşagy satyldy

  • 25.07.2022 18:30
  • 29k+

Ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammed Aliniň guşagy ABŞ-yň auksionynda satyldy. Bu barada Indianapolis Kolts NFL klubunyň eýesi, guşagy satyn alan Jim Irseý sosial torlarda habar berdi diýip, gazeta.ru ýazýar

Çempionyň WBC wersiýasy boýunça satylan guşagyny Muhammed Ali Jorj Formandan üstün çykanda gazanypdy. Guşak 6 million dollara satyldy. 2016-njy ýylda bu guşak 358 500 dollara satylypdy.
Muhammed Ali 2016-njy ýylda 74 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Ol ýarym agyrlyk kategoriýasynda 1960-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň çempionydyr, agyr agramlykda dünýäniň absolýut çempiony, "Ýylyň boksçysy" we "Onýyllygyň boksçysy" atlarynyň eýesi hasaplanýar.


düýn 07:07
3.3k+

Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar....

21.05.2026 13:01
7.7k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 14:49
3.9k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

18.05.2026 14:48
3.8k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......