Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar

  • 24.07.2022 13:54
  • 17k+

UFC 279 turniriniň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Neýt Dias duşuşar. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-express.ru belleýär.

Çimaýew ýarym orta agramda UFC-niň reýtinginiň üçünji ornuny eýeleýär. Ol 10-njy aprelde ABŞ-nyň Jeksonwill şäherinde geçirilen UFC 273 turnirindäki soňky söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen (29-28, 29-28, 29-28) Gilbert Býornsden (20-5) üstün çykdy. 
Dias ilkinji 15-likde ýok. Şeýle-de, ol iki söweş bäri ýeňlip gelýär. 2016-njy ýylyň martynda ol UFC-de soňlugy bilen taryhda iki agram kategoriýasynda guramanyň ilkinji çempiony bolan irlandiýaly Konor Makgregory ilkinji ýeňlişe sezewar etdi. 2021-nji ýylyň 12-nji iýunynda UFC 263-de bolan soňky söweşinde ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde (49-46, 49-46, 49-46) Leon Edwardsdan (19-3) ýeňildi.
Çimaýew bilen Diasyň arasyndaky söweş 10-njy sentýabrda Las-Wegasda geçiriljek UFC 279 turnirinde bolar.


düýn 14:40
2.9k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....