Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyzystana sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 22.07.2022 10:13
  • 10k+

Ozal habar berlişi ýaly, 21-nji iýulda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde gyrgyz Lideri Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň dowamynda dostlukly döwletiň Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda Gyrgyzystana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilip, syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar. Döwlet Baştutanlary sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine degip geçip, biziň ýurtlarymyzyň bäştaraplaýyn görnüşde Merkezi Aziýada has ysnyşykly we yzygiderli gatnaşyklara taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky konsultatiw duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. 


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....