2025-nji ýylda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty Tokioda geçiriler

  • 15.07.2022 16:09
  • 5.6k+

Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (World Athletics) Geňeşi Tokio şäherini 2025-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň hojaýyny hökmünde saýlady. Bu barada World Athletics-iň metbugat gullugy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Şeýle karar geňeşiň Ýujinde (ABŞ, Oregon ştaty) geçirilen mejlisinde kabul edildi. Tokiodan başga-da, Naýrobi (Keniýa), Singapur we Sileziýa (Polşa) dünýä çempionatyny geçirmäge dalaş etdi. 

“2025-nji ýyldaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge dalaşgärleriň örän güýçli sanawynyň arasynda Tokio ynandyryjy teklip hödürledi. Men bu Ýaponiýa üçin ýagty yşyk bolar diýip umyt edýärin, sebäbi 2025-nji ýylda olar Ýaponiýanyň ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň 100 ýyllygyny bellemek bilen, dünýä derejesindäki ýeňil atletikany Tokiodaky adamlara gaýtaryp berýärler” – diýip, World Athletics-iň prezidenti Sebastýan Kou belledi.

Şeýle-de, mejlisde 2024-nji we 2026-njy ýyllardaky ýeňil atletika krossy boýunça dünýä çempionatlarynyň hojaýynlary saýlandy, 2024-nji ýylda çempionaty Horwatiýanyň Medulin we Pula şäherleri, 2026-njy ýylda Tallahassi amerikan şäheri (Florida ştaty) kabul eder.
Ýeňil atletika boýunça tomusky dünýä çempionaty 15-nji iýulda Ýujinde başlaýar. Ilkibaşda bu ýaryş geçen ýylyň tomsunda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy we Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna sene taýdan ýakynlygy sebäpli giçki möhlete süýşürildi. 2023-nji ýylda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty Budapeştde geçiriler.


15.10.2025 13:11
2.8k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 18:27
4.9k+

Amerikan ýeňil atletikaçylary 4х400 m estafeta ýaryşynda dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi

ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy. Topar 4х400 m estafeta ýaryşynda 3 minut 16,16 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Bu dünýä çempionatynyň täze rekordydyr...

22.09.2025 10:45
3.7k+

Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady

Amerikaly sprinter Noa Laýls Tokiodaky dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ol finalda 19,52 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny onuň watandaşy Kenni Bednarek eýeledi (19,58), üçünji orna ýamaýkaly Braýan Lewell mynasyp boldy (19,64)...

22.09.2025 10:41
1.7k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...