Gurban we teşryk günleri

  • 09.07.2022 08:58
  • 48k+

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda pygamberimiz Muhammet alaýhyssalamyň: «Arafa, gurban we teşryk günleri musulmanlaryň baýram günleridir. Bu günler iýip-içip, baýram bellenilýän  günlerdir» diýen hadysy getirilýär. 

Gurban aýynyň dokuzynjy güni Arafa güni, onunjy güni bolsa Gurban baýramy günüdir.  Arafa gününiň sogaby babatda on müň güne barabardygy hakda alymlaryň pikirleri bar. Halkymyzyň arasynda Gurban baýramy aýratyn uly umyt bilen garşylanylýan toý-baýramlaryň biri bolup, bu baýrama täze lybasdan öňürti täp-tämiz kalp bilen barmak has eý görülýär. Bu günleri uly ruhubelentlik hem-de ýagty günlere, ýagşy pursatlara ynam-umyt, süýji arzuwlar bilen geçirmek ündelýär.  
Gurban baýramy güni ir bilen baýram namazy okalandan soňra, gurbanlyk kesilip başlanýar. Gurbanlyk gününden soňky üç güne bolsa «teşryk günleri» diýilýär. Ol Gurban aýynyň 11, 12, 13-nji günleridir. Şonuň üçin käbir musulman döwletlerinde Gurban baýramy dört gün bellenilýär. Muňa garamazdan, musulman alymlarynyň arasynda gurbanlyk janlynyň soýulmagy bilen bagly birnäçe pikirler bar. Ahmet ibn Hanbel, Mälik ibn Enes, Abu Hanife ýaly ýene birnäçe alymlar gurbanlyk janlysy diňe Gurban baýramy hem-de teşryk günleriniň başky iki gününde, ýagny türkmençilikde bellenilşi ýaly Gurbanlyk günlerinde soýulmalydyr diýen pikire eýerýär. Ymam Şafygy ýaly ýene köpsanly alymlar bolsa, teşryk gününiň ahyryna çenli (ýagny, Gurbanlygyň dördülenji güni) hem gurbanlyk janly soýubermelidir diýen düşünjä uýýarlar.  Pygamberimiziň hadyslaryna laýyklykda, bu günlerde iýip-içen her bir halal lukmaňyz üçin şükür etmekligiň özem sogaby uly ybadatlaryň biri hökmünde görülýär. Dileg-dogalaryň arasynda bolsa iň oňady hökmünde «Perwerdigärim, bize bu dünýäde-de, ahyretde-de diňe gowulyklary, gowy zatlary nesip et! Bizi dowzah azabyndan gora!»  (Rabbenä ätinä fid-dünýä haseneten, we fil-ahyrati haseneten, we kynä azäben-nar) diýen sözlerdigi beýan edilýär. Bu dileg-doga Bakara süresiniň 200-201-nji aýatlarydyr. Bu dileg-doga bu dünýäniň we ahyretiň ähli görnüşli haýyrlaryny özünde jemleýän iň täsirli dileg-doga hökmünde kabul edilýär. Üstesine, beýleki ýagşy dileg-dogalaryň ahyrynda hem bu aýatlary hökman okamaga endik edipdirler.
Bu dünýäniň iň haýyrly zatlary diýlende ilki bilen iman, saglyk, ylym, bolelin rysgal, agzybirlik, ahyretiň haýry diýlende bolsa behişt-uçmah göz öňünde tutulýar. Abu Musa Al-Aş’ary atly alymyň Gurbanlyk hutbasynyň arasynda: «Gurbanlyk hem-de teşryk günlerinde edilen dileg-dogalar hergiz yzyna boş gaýtarylmaz» diýendigi meşhurdyr. Şonuň üçin toý-baýram şatlygynyň ýany bilen dynuwsyz ýagşy dileg-dogalara berilmek has gowudyr. Bu günlerde agyz beklemek bolmaýar. Iýip-içip, eçilen nygmatlary üçin Biribara şükür edip, toý-baýram ruhunda geçirmek makul görülýär.

TmCars.info ähli türkmen halkyny musulmançylygyň iň uly baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Bu mübärek günlerde berjek gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, edýän dileg-dogalaryňyzy Allatagala kabul etsin! Ýeneki ýyllaryň toý-baýramlaryna jan saglygy, baş bitinligi, rysgal-nygmatlaryň bolelinligi bilen ýetirsin!


düýn 23:57
285

Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar...

düýn 09:56
8.6k+

Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda...

düýn 09:49
6.1k+

Göwher Hojimyradowa 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr...

17.12.2025 12:19
3.9k+

ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi

ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy...