Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy

  • 08.07.2022 18:10
  • 26k+

Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe anna güni janyna kast edilenden soň aradan çykdy. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal Demokratik partiýasynyň wekiliniň maglumatlaryna görä, Abe janyna kast edilenden soň ýerleşdirilen Nara prefekturasyndaky hassahanada aradan çykdy. 
Belläp geçsek, Abeniň janyna kast etme 8-nji iýulda günortana golaý 10-njy iýulda geçiriljek parlamentiň ýokarky palatasy üçin saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlaw kapmaniýasynyň çäginde Nara şäherinde çykyş eden wagty bolup geçdi. 41 ýaşly ýaponialy Tesuýa Ýamagami ot açýan ýarag bilen ony iki gezek atdy. Abe halas ediş gulluklarynyň dikuçary bilen hassahana äkidildi. Lukmanlar oňa gan goýberip, birnäçe sagatlap onuň janyny halas etmegiň ugrunda göreşdiler.
Kast ediji özüniň hereketini Abeniň syýasatyny we özüni alyp barşyny halamandygy bilen düşündirdi, ýöne öňki premýer-ministriň göni syýasy garaýyşlaryna hiç hili garşylygynyň bolmandygyny belledi.


08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.6k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

20.04.2026 20:13
7.1k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......