Toyota täzelenen Highlander krossowerini tanyşdyrdy

  • 08.07.2022 10:31
  • 35k+
Toyota täzelenen Highlander krossowerini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropa bazary üçin niýetlenen döwrebaplaşdyrylan Highlander krossoweri bilen tanyşdyrdy. Ulagyň daş görnüşi asla üýtgedilmändir diýen ýaly. Ýöne, reňkleriň palitrasynda täze reňk - Cypress Green (ýaşyl metallik) peýda boldy. Mundan hem başga, ulagy 20 dýumlyk teker diskalary bilen enjamlaşdyrdylar.

Beýleki üýtgeşmeler barada aýdylanda, indi "uly" wersiýalaryň salonynda 12,3 dýumlyk wirtual abzal paneli, 12,3 dýumlyk sensorly displeýi, nawigasiýasy, ses dolandyryjysy, täzelenişleri bulut ulgamyndan awtomatik usulda ýüklemäge mümkinçiligi bolan täze multimedia toplumy peýda boldy.
Gurluşa iOS we Android platformalaryndaky mobil gurluşlary simsiz birikdirip bolýar.

Günbatar Ýewropa ýurtlaryna öňküler ýaly, iki elektrik agregat bilen jübütlikde hereket edýän 2,5 litrlik ýel berilmeýän motoryň bazasynda gibrid güýji bolan gurluşly görnüşde hödürlenýär. Ähli hereketlendirijileri jemlenişip, kuwwatyny 246 a.g. çenli artdyrmaga ukyply. Gündogar Ýewropada köne 3,5 litrlik V6 çişirilmeýän agregaty 2,5 litrlik, 269 a.g.-ni berýän "turbadörtlük" bilen çalşyrdylar. 


19.09.2024 14:34
14k+

Toyota Highlander 2025-iň ýörite tapgyryny hödürledi. Ol modeliň 25 ýyllygyna bagyşlanýar

Toyota 2025-nji ýylyň täze Highlander krossowerini çykardy. Modeliň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite tapgyr 2500 birlik bilen çäklendirilýär we birnäçe özboluşly aýratynlyklara eýe boldy diýip, IXBT ýazýar. Krossowerler...

18.09.2024 21:09
24k+

Toyota 2025-nji model ýylynyň Sienna-syny hödürledi

Täze model ýylynda Toyota Sienna miniweni ünssüz awtoulag eýelerine kömek etmek üçin döredilen täsin bir aýratynlyga eýe boldy. Indi gapylar gulplanandan soň, salonda hereket datçigi ikinji ýa-da üçünji hatarda...

13.09.2024 22:02
10k+

100 km üçin 2,5 litr. Toyota Prius adaty ýolda ýangyç harçlamak boýunça täze rekord goýdy

Amerikaly Ueýn Gerdes soňky nesliň Toyota Prius gibrid awtomobilinde ýangyç sarp etmek boýunça rekord goýdy. Ol adaty ýoldan hereket edip, awtoulagyň harçlaýan ýangyjyny 100 km üçin 2,5 litre çenli azaltmagy başardy...

09.09.2024 08:16
10k+

Toyota we BMW ýangyç elementleri ugrunda hyzmatdaşlygy resmi taýdan yglan etdiler

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy we Germaniýanyň BMW awtoöndürijisi indiki nesliň wodorod ýangyç elementlerini bilelikde işläp taýýarlamagy giňeltmek meýilnamalaryny yglan etdiler. Beýanata görä, ýangyç elementlerinde...