Apple 2022-nji ýylda iň uly ekranly Apple Watch-y çykarar

  • 08.07.2022 10:26
  • 12k+

2022-nji ýylda Apple sportuň ekstremal görnüşleri üçin has uly ekranly Apple Watch sagatlaryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. Täze Apple Watch kompaniýanyň “akylly” sagatlarynyň arasynda iň uly displeýe, şeýle-de has kuwwatly akkumulýatora we berk metal korpusa eýe bolar.

Diagonaly iki dýuým bolan sportuň ekstremal görnüşleri üçin Apple Watch-yň displeýiniň meýdany 7% artar diýip, Bloomberg belleýär. Klassyky Apple Watch Series 8 1,9 dýuým diagonaly saklar. Kompaniýanyň täze “akylly” sagatlarynyň displeýi, takmynan, 410 x 502 piksel durulyga eýe bolar.

Bloomberg uly ekranda köp sanly fiziki işjeňligiň görkezijileri ýa-da maglumatlar görkeziler diýip çaklaýar. Sportuň ekstremal görnüşleri üçin sagadyň ekrany we korpusy has berk we urga çydamly bolar.

Mundan başga-da, sagat uzak türgenleşikler üçin has kuwwatly akkumulýatora we haýking wagtynda beýikligi kesgitlemek ukyby ýaly kämilleşdirilen gözegçilik görkezijilerine eýe bolar. Täze Apple Watch sagady Watch Series 8 ýaly bedeniň temperaturasyny ölçäp biler.

Sportuň ekstremal görnüşleri üçin “akylly” sagatlaryň modeli 2022-nji ýylda Apple Watch Series 8 modeli we Apple Watch SE-niň täzelenen wersiýasy bilen bilelikde anons ediler. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, täze sagat modelleri S8 prosessoryny ulanar. Sportuň ekstremal görnüşleri üçin Apple Watch wersiýasy poslamaýan polatdan bolan Apple Watch-dan has gymmat bolar. Apple, adatça, täze sagat modellerini täze iPhone smartfonlary bilen bir wagtda görkezýär. 


27.02.2026 19:22
1.2k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
345

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...