Aşgabat şäheriniň prokurory Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine bellenildi

  • 05.07.2022 22:04
  • 64k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyyewi Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginda habar berildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


düýn 18:20
8.1k+

Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň...

düýn 16:44
5.2k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy...

düýn 16:34
2.9k+

Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi

11-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy...

düýn 12:42
12k+

2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi...